Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze sanly platformalar ornaşdyrylyp başlandy. Zehinli portaly hem bu ugurda okuwçylar üçin interaktiw bäsleşikleri we wideo sapaklary hödürleýär. Täze okuw ýylynda jemi 20-den gowrak täze dersiň goşulmagyna garaşylýar.
Geçen hepde geçirilen halkara bäsleşikde türkmen okuwçylary uly üstünlik gazandylar. Matematika boýunça geçirilen testlerde portalymyzyň agzalary iň ýokary ballary toplamagy başardylar. Netijeler bölüminden öz adyňyzy barlap bilersiňiz.
Indi biziň portalymyzda AI boty diňe taýýar jogaplar däl, eýsem siziň ýazan soraglaryňyza gönüden-göni jogap berýär. Boty ulanmak üçin sag aşaky burçdaky düwmä basyp, klawiaturadan soragyňyzy ýazmagyňyz ýeterlikdir.